“Täze senagat”

açyk görnüşli
paýdarlar jemgyýeti

“Täze senagat” AGPJ ýerli çig mallar bilen birlikde tehnologiýanyň iň soňky gazananlaryny ulanyp dürli görnüşli çalgy ýaglaryny öndürýän döwrebap kärhanadyr.

Biz Barada

0
taslama
0
ýyl iş tejribesi
0 +
hyzmatdaş
0
desga

Biz barada

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän “Täze senagat” AGPJ. çalgy ýag önümçiligi boýunça ýöriteleşen kärhanadyr. Kärhanamyz ýurdumyzyň nebit-gaz toplumlarynda öndürilýän esaslyk ýaglaryny we bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň tehnologiýalaryny ulanmak arkaly dürli görnüşli çalgy ýaglaryny öndürýär. Islendik görnüşli çalgy ýaglaryny öndürmäge ukyply önümçilik kärhanamyz esasan motor ýaglarynyň we gidrawlik ýaglarynyň önümçiligi boýunça iş alyp barýar.

Ýerli çig mallary we bu ugurdaky iň soňky tehnologiýalary ulanmak arkaly ýokary hilli çalgy ýaglaryny öndürýän kärhanamyzyň önümleri bäsleşige doly ukyplydyr. Şunlukda, kärhanamyz ýurdumyzda alnyp barylýan, eksporta gönükdirilen we importuň ornuny tutýan önümleri döretmek syýasatyna mynasyp goşant goşýar.

Hilimiz

Takyk formulalar bilen taýýarlanýan motor ýaglarymyzda hereketlendirijileriň işjeňligini ýokarlandyrýan täzeçil tehnologiýaly goşundylar ulanylýar. Sürtülmegi sazlaýjy kämil goşundylar ulanylýan önümlerimiz sürtülme ýitgilerini iň az derejä düşürip netijeli güýç geçirjiligi üpjün edýär we hereketlendirijiniň bölekleriniň zaýalanmagynyň öňüni alýar.

Greenhill

“Greenhill” haryt nyşanymyzyň gelip çykyşy önümçilik kärhanamyzyň ýerleşýän ýeri bolan gadymy Gökdepe topragy bilen gönüden-göni baglanşykly bolup, “Greenhill” iňlis dilinde “Gökdepe” diýmegi aňladýar. Şeýle-de, önümlerimiziň ekologiýa taýdan arassalygy “green” sözünde öz beýanyny tapýar. Çalgy ýag bazaryndaky trendler giňden ornaşdyrylan, daşarky bazarlarda hem marketing taýdan amatly we milliligimiz bilen baglaşýan bu haryt nyşanymyz çalgy ýag bazarynda ýokary hiliň nyşanydyr.

Rectangle 123

Önümlerimiz

Motor ýaglary (benzin)

Döwrebap benzin hereketlendirijileri üçin motor ýaglarynyň SEA 10W-40, SEA 15W-40, SEA 20W-50 görnüşleri SP we SN PLUS API formulalaryna laýyklykda öndürilýär.

Motor ýaglary (dizel)

Iň ýokary derejeli dizel hereketlendirijileri üçin SEA 15W-40 API CK-4/SN görnüşli motor ýagy, şeýle-de SN API derejesinden ýokary talap edilmeýän döwrebap benzin hereketlendirijileri üçin hem niýetlenendir.

Gidrawlik ýaglar

Gidrawlik ýaglar senagatda we mehanikada giňden ulanylýan ýag görnüşidir. Bu ýaglar gidrawlik sistemalarda güýç geçiriji bolup hyzmat edýär. Ýokary basynja çydamly gidrawlik ýaglarymyz ýokary hil ülňülerinde öndürilýär.

Galereýa

Hyzmatdaşlar

Habarlaşmak

Please enable JavaScript in your browser to complete this form.